Her nämede bolsa erkana ýurtda
Erkana ýaşaýas şoňada şükür
Erkinligiň gadyryn bil azajyk
Diý mydam Allajan edenňe şükür

Bereketli Hydyr gezen topragym
Rysgal döwlet bereketdir durşuna
Sähel azap etseň artar döwletiň
Zerurlyk ýok ok ýarag hem gurşuna

Asuda asmanda erkana guşlar
Uçup ýör erkana ganatyn ýaýyp
Erkana watanda ýaşaýarys biz
Gör neneňsi hezil
Gör ne ajaýyp