Bir wakany aýdaýyn
Maşgala durmuşyndan
Entek menä bihabar
Dünýäniň gurluşyndan
Goşgy ýazyp duranmy
Görse meniň maşgalam
Her haýsy hem özüçe
Diýýär maňa başga zat
Kakam diýýär goşgy ýazyp
Onuň akly çaşypdyr
Nämedýännem bilenok
Onuň aňkasy aşypdyr
Ejem diýýär goşgy ýazyp
Alýan bolsaň bäş manat
Bar wagtyny ýitirip
Ýazasam ýok şu wagt
Soňra doganym diýýär
Bilýän üstümden gülýär
Gerçek goşgylar ýazyp
Gyzlary yrjak bolýar
Genjem diýýär sen goşgy
Düzüp ýadamadyňmy
Şol bir zady göçürip
Ýazyp ýadamadyňmy
Bu gün oýlanýan ýene
Synlap gözel şapagy
Gerçek ondan al many
Budur durmuş sapagy