Biziň eýýamymyzdan ozal II müňýyllygyň başynda ösmegiñ iñ ýokary derejesine ýeten şäher Altyndepedir. Şäheriň umumy meýdany 46 ga öz içine alýar. Onuň daş-töweregini çig kerpiçden örülen, kuwwatly pilon diňler bilen berkidilen 6 m galyňlykdaky berk diwarlar gurşap alypdyr.
Altyndepäniň demirgazyk künjegini öýler we senetçileriň ussahanalary eýeläpdir. Şäheriñ günbatar böleginde ýaşaýyş jaýlary ýerleşipdir. Altyndepe biziň eýýamymyzdan ozal 2300-1900-nji ýyllar bilen senelenýär. Çig kerpiçden köpotagly jaýlar galdyrylypdyr. Olaryň arasyndan inçejik egrem-bugram köçejikler geçipdir.
Bu ýerden altyn folga (gurşun kagyzy) dolangy, bürünçden ýasalan gözleri we maňlaýynda aý bolan, kümüş şahly öküziň altyn kellesi tapyldy.